Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin, Poroşenko göni gepleşik geçirdi


Rus we ukrain prezidentleri gündogar Ukrainadaky krizis barada göni gepleşik geçirdi, emma bu ýerde hiç bir anyk netije gazanylmadyga meňzeýär.

Wladimir Putin we Petro Poroşenko 26-njy awgustda, Minskide ikiçäk iki sagat gepleşdi. Bu gepleşik Ýewropa Bileleşiginiň resmileri, Belarusyň we Gazagystanyň prezidentleri bilen giňişleýin gepleşiklerden soň boldy.

Poroşenko taraplaryň ählisiniň Kiýew tarapyndan teklip edilen teklipleri goldandygyny, indi munuň basym ukrain güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň arasyndaky söweşi soňlamak boýunça bir planyň esasy boljagyny aýtdy.

Aýratynlykda, Putin Orsýetiň, eger başlansa, parahatçylyk prosesini goldamak üçin ähli zady etjegini, emma pitneçiler bilen atyşygy kesmegiň şertlerini kesgitlemegiň Kiýewe baglydygyny aýtdy.

Ukraina we Günbatar Orsýeti separatistleri goldamakda we olary ýarag bilen üpjün etmekde aýyplaýar, emma Moskwa muny ret edýär.

XS
SM
MD
LG