Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko parahatcylyk teklibini hödürledi


ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy K.Aşton, Orsýetiň prezidenti W.Putin we Ukrainanyň prezidenti P.Poroşenko (çepden saga), Minsk, 26-njy awgust, 2014.
ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy K.Aşton, Orsýetiň prezidenti W.Putin we Ukrainanyň prezidenti P.Poroşenko (çepden saga), Minsk, 26-njy awgust, 2014.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ýurduň gündogaryndaky separatistik konflikti çözmek üçin ok atyşygy bes etmek boýunça gyssagly planyň ugrunda işlejegini aýtdy. Poroşenko bu barada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren gepleşikleriniň yzysüre yglan etdi.

Poroşenko Putin bilen 26-njy awgustda geçiren iki sagatlyk ýüzbe-ýüz gepleşiklerini “örän berk we köptaraplaýyn” diýip häsiýetlendirdi we ähli taraplaryň Kiýewiň parahatçylyk tekliplerini “biragyzdan” goldandygyny aýtdy.

Parahatçylyk plany

Poroşenko bu ugurda şeýle diýdi: "Men parahatçylyk plany bilen bagly ideýanyň netijede ähli döwletleriň ýolbaşçylary tarapyndan biragyzdan goldanandygyny aýdyp biljek. Birinji nobatda biz bikanun ýaragly toparlar tarapyndan bikanun saklanýan ukrain raýatlary üçin parahatçylygy we azatlygy üpjün etmek boýunça ylalaşyga gelinmelidigini berk nygtadyk”.

Poroşenko žurnalistlere “ok atyşygyň ikitaraplaýyn häsiýetde doly ýatyrylmagyny üpjün etjek ýol kartasynyň mümkin boldugyndan tiz taýýarlanjagyny” gürrüň berdi.

Putin öz tarapyndan Minskdäki gepleşikleriň pozitiw bolandygyny, emma ok atyşygy bes etmek planynyň Kiýewiň we gozgalaňçylaryň içerki işidigini aýtdy we “bu biziň işimiz däl, bu Ukrainanyň özüne degişli” diýdi.

"Biz muny edip bilmeýäris, biz, ýagny Orsýet, Kiýewiň, Donetskiň we Luganskyň arasynda bolup biljek ylalaşyklar we ok atyşygyň bes edilmegine degişli haýsy-da bolsa bir şertler barada gepleşik geçirip bilmeýäris.. Bu biziň işimiz däl, bu Ukrainanyň öz içerki işi. Biz diňe bolup biljek we, meniň pikirimçe, iňňän zerur gepleşikler prosesiniň gidişinde ynamly ýagdaýy döretmek üçin goldaw berip bilýäris. Bu barada biz gepleşdik”.

Emma Putin parahatçylyk prosesi başlanan halatynda Orsýetiň goldamak üçin elinden gelenini etjekdigini aýtdy.

Günbatar Orsýeti separatistleri ýarag bilen üpjün etmekde aýyplaýar. Moskwa muny ret edýär.

BMG-niň maglumatlaryna görä, aprel aýyndan bäri Donetsk we Lugansk regionlarynda Ukrainanyň hökümet güýçleriniň we orsýetparaz separatistleriň arasyndaky söweşler zerarly 2 000-den gowrak adam wepat bolupdyr.

Gaz söwdasy

Putin Poroşenkonyň Orsýetiň Ukraina gaz akdyrmagy bilen bagly mesele boýunça hem gepleşik geçirmäge razy bolandygyny aýtdy.

Poroşenko energiýa gepleşikleriniň 6-njy sentýabra bellenendigini we oňa ÝB-niň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Putin Orsýetiň, Ukrainanyň we ÝB-niň arasynda Moskwanyň Ukrainanyň ÝB bilen assosiasiýa barada ylalaşygyna bildirýän aladalanmalaryny gowşatmak ugrunda işleşmek barada hem ylalaşylandygyny aýtdy we Orsýetiň, öz howsalalary hasaba alynmadyk ýagdaýynda, özüni goramak üçin çäre görjekdigini ýene-de nygtady.

Poroşenko taraplaryň arasynda serhet gözegçiligi barada iki ýurduň harby ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda harby konsultasiýalary geçirmek barada ylalaşylandygyny aýtdy.

Kiýew serhetlere netijeli gözegçilik etmegiň gandöküşikligi togtatmagyň we regiony durnuklylaşdyrmagyň ýeke-täk ýoludygyny aýdýar.

Minskdäki gepleşikleriň başlanmagyndan sanlyja sagat geçensoň Ukrainanyň harbylary özleriniň Orsýetiň 10 sany esgerini ele salandyklaryny habar berdiler. Separatistleriň geýmini geýnen esgerleriň Orsýetden Ukraina harby ulaglarda geçendigi aýdylýar.

26-njy awgustda Orsýetiň Goranmak ministrliginiň resmileri Orsýetiň esgerleriniň Ukrainanyň giňişligine geçendigini tassykladylar, emma olaryň serhediň belgisiz böleginden azaşyp geçendigini aýtdylar.

Gizlin gepleşik

Şol bir wagtyň özünde-de Assosiated Press agentligi Finlýandiýanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, iýun aýynda ABŞ-nyň we Orsýetiň Finlýandiýada Ukraina boýunça gizlin gepleşikleri geçirendigini aýtdy.

Ministrligiň metbugat wekili Wesa Hakkinen ministrligiň maslahatyň guramaçylygyna ýardam berendigini aýtdy, emma şondan artyk maglumat bermekden boýun gaçyrdy. Şu aýyň başynda Finlýandiýanyň prezidenti Sauli Niinisto Putin bilen duşuşdy we Poroşenko bilen gepleşmek üçin Ukraina syýahat etdi. 26-njy awgustda Niinistonyň edarasy özüniň gizlin gepleşiklere gatnaşmandygyny aýtdy.

27-nji awgustda Orsýetiň Daşary işler ministrligi gizlin gepleşikler baradaky habarlary ret etdi.

XS
SM
MD
LG