Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko: 'Ukraina Orsýetden gaz alar'


Petro Poroşenko Putin bilen 17-nji oktýabrda, Milanda üç gezek duşuşdy.
Petro Poroşenko Putin bilen 17-nji oktýabrda, Milanda üç gezek duşuşdy.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ýurduň şu gyşda Orsýetden tebigy gaz aljakdygyny aýtdy.

Poroşenko 18-nji oktýabrda ukrain telewideniýesine beren gürrüňinde Orsýet bilen Ukrainanyň diňe şol gazyň bahasy barada ylalaşmagynyň gerekdigini belledi.

Ol iki tarapyň mart aýy boýunça iberilen her müň kub metr gaz üçin Ukrainanyň 385 dollar tölemegi barada razylaşandygyny aýtdy.

Poroşenko Putin bilen 17-nji oktýabrda, Milanda üç gezek duşuşdy we Kiýewiň Ukraina tarapyndan maýda we iýunda ulanylan gazyň her müň kub metri üçin 325 dollar tölemegi, gyşdaky gaz üçin bolsa 385 dollar tölemegi teklip edendigini aýtdy.

Ol Orsýetiň ýylyň ähli wagtynda ulanylan gaz üçin bir nyrhy, ýagny her müň kub metr gaza 385 dollar tölenmegini talap edýändigini aýtdy.

Rus, ukrain we ÝB resmileri 21-nji oktýabrda Brýusselde duşuşyp, gazyň bahasy baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmaly.

Ukrain hökümetine Orsýetiň Gazpromyna tölemeli köp milliard dollarlyk bergisini bermegi üçin berk basyş edilýär.

Poroşenko döwletiň Naftogaz energiýa kompaniýasynyň bu bergini töläp bilmeýändigini, sebäbi onuň bir böleginiň gündogardaky Donetsk we Luhansk regionlarynyň gaz ulanyjylary tarapyndan döredilendigini, bu ýerleriň orsýetçi separatistleriň kontrollugyndadygyny we söweş sahnasy bolup durýandygyny aýtdy.

Ol Kiýewiň Orsýete bergisini bermegi, netijede gaz üpjünçiliginiň dikeldilmegi üçin birnäçe «dürli mümkinçiliginiň» bardygyny, şeýle-de bu işde Halkara pul fondunyň maliýeleşdirmesiniň ulanyljagyny aýtdy.

Ol Halkara pul fondunyň missiýasynyň Kiýewe Ukrainanyň karz programmasyndaky üýtgeşme ähtimallyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin noýabryň ortalaryna geljekdigini aýtdy.

Orsýet ÝB-niň sarp edýän tebigy gazynyň üçden birine golaýyny iberýär, ol gazyň ýarysy Ukrainanyň üstünden geçýär. Onsoň 2006-njy we 2009-njy ýylllarda bolan öňki gaz kesilmeleri bahalaryň kesgin ýokarlanmagyna getirdi.

Şu aralykda Poroşenko parlamentiň orsýetçi separatistler bilen gündogar Ukrainadaky howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky bufer zonasynyň anyk serhetlerini tassyk etjegini aýtdy.

Poroşenko ukrain telewideniýesine bufer zonasynyň sentýabryň başynda bäş aýlyk söweşi soňlamak üçin baglaşylan Minsk ylalaşyklarynyň bir bölegidigini aýtdy.

Poroşenko Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýaraşygyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etjek dronlar bilen üpjün etjegini, Fransiýa bilen Germaniýanyň bolsa işgär iberjegini hem sözüniň üstüne goşdy.

Bu ýaraşyk ylalaşygy iki tarapyň arasyndaky söweşleriň köpüsini togtatdy, emma Donetsk aeroportunda, Mariupol şäheriniň golaýynda, Luhansk şäheriniň golaýyndaky obalarda söweş günde diýen ýaly dowam edýär.

XS
SM
MD
LG