Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harper “Kanada gorkuzylyp bilinmez” diýdi


Kanadanyň paýtagty Ottawada parlament binasynyň golaýyndaky uruş ýadygärliginde garawul bolup duran esgeriň ýaragly adam tarapyndan atylyp öldürilmeginiň yzýany, ýurduň premýer-ministri Stefen Harper (Stephen Harper) “Kanada gorkuzylyp bilinmez” we terrorizme garşy göreşer diýdi.

Harper bu barada 22-nji oktýabrda Ottawada howpsuzlyk operasiýalary ýaýabaňlandyrylan mahaly halka ýüzlenip eden çykyşynda belledi. Gürrüňi gidýän howpsuzlyk operasiýalary parlament binasynyň içinde şübheli ýaragly adam bilen polisiýanyň arasynda bolan ok atyşykdan soň, has hem ýaýbaňlandyryldy. Şol ok atyşykda ýaragly şübheli atylyp öldürildi.

Ýurduň howpsuzlyk güýçleri başga-da güýçli şübhelileri gözleýän mahaly, Kanadanyň paýtagtynyň ençeme bölegi böwetlendi. Polisiýa ofiserleri habarçylar bilen geçiren metbugat ýygnagynda derňewleriň dowam edýändigini mälim etdiler.

Metbugat habarlaryna görä, Kanadanyň polisiýasy ok atyşygy amala aşyrmakda güman edip, Mihail Zehaf-Bibiu (Michael Zehaf-Bibeau) atly raýaty derňeýär.

Bu waka yslamy kabul eden adam tarapyndan amala aşyrylan hüjümiň netijesinde beýleki bir esgeriň öldürilmeginiň yz ýany, Kanada terrorçylygyň abandyrýan howp derejesini ýokarlandyrandan gysga wagt soň boldy.

XS
SM
MD
LG