Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy Türkiýede


Rim papasy Fransis
Rim papasy Fransis

28-nji noýabrda rim papasy Fransis Ankara gelip, özüniň Türkiýä ilkinji saparyna başlady.

Fransis prezident Rejep Taýyp Erdogan we, ilatynyň köpçüligi musulmanlardan ybarat bolsa-da, konstitusiýasynda durumy dünýewi diýlip kesgitlenen ýurduň baş ymamy Mehmet Görmez bilen duşuşar.

Resmiler gepleşikleriň dowamynda dini çydamlylyk we ekstremizme garşy göreş ýaly meselelere garaljakdygyny mälim etdiler

Rim papasynyň Türkiýä sapary “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň Yragyň we Siriýanyň köp sebitlerini öz kontrollygyna geçiren döwrüne gabat geldi. Yslam halyflygyny yglan edip, bu topar şaýy musulmanlaryny, hristianlary we sünni akymynyň aşa radikal ýörelgelerine gabat gelmeýän pikirli beýleki adamlary hem gyrgyna berýärler.

Fransis 25-nji noýabrda eden çykyşynda “Yslam döwleti” atly ýaragly toparyň söweşijileri bilen dialogyň “tas mümkin däldigini” aýtsa-da, ähli gapylaryň ýapylmaly däldigini hem belläp geçdi.

Şol bir wagtda Fransisiň Erdogan bilen gepleşikleri geçirjek ýeri her dürli garaýyşlaryň döremegine hem sebäp boldy. Özüniň takwalygy bilen tanalýan Fransis türk prezidentiniň müň adamlyk, täze kaşaň köşgünde ilkinji myhman bolar.

Rim papasy Fransis aglaba musulmanlaryň ýaşaýan ýurtlardan indi üçünjisine sapar edýär. Mundan öň ol Iordaniýada we Albaniýada saparda bolupdy.

Fransisiň Stambuldaky Aýasofýada hem ybadat etmegi mümkin. Aýasofýa bir wagtlar 900 ýyllap hristian dünýäsiniň iň beýik ybadathanalarynyň biri, soňra-da 500 ýyllap hem yslam dünýäsiniň iň uly metjitleriniň biri bolupdy. Häzir bu gadymy ymarat muzeý statusyna eýedir.

Dünýä boýunça sany 1,2 milliard töweregi diýlip hasaplanýan günbatar roman hristianlarynyň lideri Fransis Stambulda bolan wagtynda umumy sany dünýä boýunça 300 million diýlip çaklanylýan ortodoks hristianlarynyň lideri, ekumenik, patriarh Bartolomew bilen hem duşuşar.

Bu duşuşyk hristiançylygyň gadymy günbatar we gündogar akymlarynyň arasyndaky baglanyşygy berkitmek üçin geçirilýär.

XS
SM
MD
LG