Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan "Güleniň ýalançylaryna" garşy..


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýede polis Fethulla Gülene degişlidigi öňe sürülýän "Zaman" gazetiniň redaksiýasy bilen "Samanýolu" (Akmaýanyň ýoly) atly telekanalyň jaýynda geçiren derňew-agtaryş işlerinde 23 adamy tussag etdi.

Tussag edilenler Türkiýede bikanun gurama döredip, döwleti ele almaga synanyşmaklykda aýyplanýarlar.

Metbugatyň bellemegine görä, bu şu wagt ABŞ-da meýletin sürgünde ýaşaýan Fethulla Güleniň "Hyzmat" atly guramasynyň üstüne Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň eden täze hüjümidir.

Metbugatda tussag edilenleriň arasynda žurnalistleriň, prodýuserleriň we redaktorlaryň bardygy habar berilýär. Munuň bilen baglylykda Türkiýäniň gündogar sebitinde bir polis ýolbaşçysy hem tussag edilipdir.

"Zaman" gazeti duýdansyz derňew boljagyndan öňünden habarly eken

Türkiýeden berilýän habarlara görä, polis "Zaman" gazetiniň jaýynda säher wagty duýdansyz derňew-agtaryş işini geçirmäge girişmek islän mahaly muňa garşylyk görkezen protestçileriň çykyşyna duçar bolupdyr. Protestçiler ilkibada polisi yza serpikdirmäni başaranam bolsalar, soň polisiň tussag edişlikleri başlanypdyr. "Zaman" gazeti hadysa bolup geçýän mahaly maglumatlary ýaýratmagy dowam etdiripdir.

"Zaman" gazetiniň baş redaktory Ekrem Dumanly öz suratyny Twitter sosial ulgamyna iberip, onuň aşagynda polisiň yza serpikdirilendigi barada şeýle ýazypdyr: "Howpsuzlyk güýçleri dostlarymyň demokratik gaýtawulyna uçrap, yza çekildi. Men öz ornumda otyryn we ýagdaýlary synlaýaryn".

Ýöne şondan soň günortanlar, geçirilen ikinji derňew-agtaryş işinde "Zaman" gazetiniň baş redaktory hem tussag edilipdir. Polis şonda ony äkidip barýarka Dumanly: "Goý, jenaýat edenler gorksunlar" diýip, bu ýagdaýy beýan edipdir.

Geçen ýylkyny ýatlama

BBC-niň Stambuldaky synçysy Mark Loweniň bildirmegine görä, bu tussag edişlikleriň wagty tötänleýin saýlanyp alynmandyr.

Habarçy mundan takyk bir ýyl owal şol gün hökümete garşy korrupsiýa bilen bagly protestleriň bolandygyny ýatladýar.

Şol gün polis bilen sülçülik Erdoganyň we onuň ýakyn töweregindäki adamlaryň garşysyna korrupsiýa bilen baglanyşykly aýyplamalary öňe sürüpdi.

Bu hadysa bolan wagty dört ministr wezipesini taşlamaly bolupdy we hökümetiň hem iş başyndan gitmegine garaşylypdy.

Ýöne jenap Erdogan ol ýagdaýdan özüne bähbitli netije çykarmagy başaryp, olary döwletiň içindäki "parallel döwlet" diýip atlandyryp, Fethulla Güleniň tarapdarlary bolan "Gülençileriň" garşysyna aýgytly hüjüme geçdi.

Şondan bäri Erdoganyň öz syýasy garşydaşlaryna garşy kampaniýany arakesmesiz dowam etdirendigi üçin häzirki hadysalara hem oňa oppozisiýada durýanlaryň üstüne gurnalan hüjümiň ikinji tapgyry hökmünde baha berilýär.

Metbugat azatlygy we "Güleniň ýalançylary"

Şol bir wagtda, Günbatar metbugatynyň bellemegine görä, soňky tussag edişlikler halkara jemgyýetinde azat medianyň üstüne gurnalan hüjüm diýlip hasap edilse gerek.

Türkiýä häzirki wagtda "Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň metbugat azatlygy boýunça hasabatynda çäklendirmeler babatynda 180 ýurduň arasynda 154-nji, ýagny iň yzdaky orunlaryň birinde durýar.

Birnäçe bilermenleriň nygtamagyna görä, Ankara "döwlete garşy" bolanlar bilen bir hatarda, umuman, oppozisiýany gowşatmaga synanyşýar.

Türkiýäniň hökümetiniň öňe sürýän garaýşyna görä, häzirki ýagdaýda Günbataryň syýasy tutumyna goşulyşmaýan Türkiýä garşy bilkastlaýyn şeýle işler durmuşa geçirilýär.

Fethulla Gülene degişlidigi bilinýän "Samanýolu" telekanalynyň başlygy Hidaýet Karaja, Stambulda geçirilen derňew-agtaryş işleri mahalynda bolan tussag edişlikleri "biabraýçylyk, masgaraçylyk" diýip atlandyrdy.

Türkiýäniň esasy oppozision partiýasynyň ýolbaşçysy Kemal Kylyçdarogly bolsa soňky tussag edişliklere "döwletiň üýtgedilmegi" görnüşinde baha beripdir.

"Zaman" gazetiniň tussag edişliklere öňünden taýyn bolup çykmagy polisiň gurnajak derňew-agtaryş işleri barada bu gazete öňünden gizlinlikde habar berlendigini aňladýar.

Geçen anna güni Türkiýäniň prezidenti Erdogan Güleniň tarapdarlaryna we "ýalançylaryna" garşy aýgytly göreş alyp barmaga çagyryş edipdi.

XS
SM
MD
LG