Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG: Saýlawlarda hakyky oppozisiýa ýetmezçilik etdi


Özbek raýaty guta saýlaw býulletenini oklaýar. 29-njy mart, 2015 ý.
Özbek raýaty guta saýlaw býulletenini oklaýar. 29-njy mart, 2015 ý.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň saýlaw gözegçileri Özbegistanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Yslam Karimowa garşy hakyky oppozisiýanyň ýetmezçilik edendigini we saýlawlaryň dowamynda kanuny we guramaçylykly ýetmezçilikleriň ýüze çykandygyny aýtdylar.

ÝHHG-nyň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň Özbegistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlardan bir gün soň, saýlawlar baradaky deslapky jemlemesini ýaýratdy. Onda Karimowyň häkimiýetdäki wagt möhleti uzaldyljak ýaly bolup görünýär.

ÝHHG-nyň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň çäkli saýlaw gözegçi missiýasynyň başlygy Tana de Zuluetanyň aýtmagyna görä, syýasy arenada Karimowyň şahsyýeti has agdyklyk etdi.

Şeýle-de, Zulueta “ýurduň konstitusiýasynda yzygiderli iki prezidentlik möhletiniň çäklendirilýändigine garamazdan”, Özbegistanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy Karimowy dalaşgär hökmünde hasaba aldy diýdi.

XS
SM
MD
LG