Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda prezident saýlanýar


Gazagystanlylar ýurduň nobatdaky prezidentini saýlaýarlar. 26-njy aprel, 2015 ý.
Gazagystanlylar ýurduň nobatdaky prezidentini saýlaýarlar. 26-njy aprel, 2015 ý.

Ýekşenbe güni gazagystanlylar ýurduň nobatdaky prezidentini kesgitlemek üçin saýlaw uçastoklarynda ses berdiler. Resmileriň ýurtdaky oppozisiýa basyş we media media berk gözegçilik etmegi netijesinde, ýurduň häzirki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň bäşinji möhlete prezident saýlanmagyna garaşylýar. 74 ýaşly Nazarbaýew Gazagystana 25 ýyl töweregi baştutanlyk edip gelýär.

Prezidentlige dalaş edýän beýleki iki kandidatyň şahsyýetleri onçakly tanalyp hem duranok. Olaryň emeli bäsdeşligi döretmek üçin prezidentlik saýlawlaryna gatnaşdyrylýandygy baradaky çaklamalar hem orta atylýar.

Prezidentlige dalaş edýänleriň biri – 68 ýaşly Turgun Syzdykow. Ol ýurduň Kommunistik partiýasyna wekilçilik edýär.

Kandidatlaryň beýlekisi – 63 ýaşly Abelgazy Kusaýinow. Ol mundan ozal ýurduň käbir ministrliklerinde işläp, häzirki wagt Gazagystanyň Söwda bileleşikleriniň federasiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

XS
SM
MD
LG