Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“YD” Palmyrany öz kontrollygyna geçirdi


“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri gadymy Palmyra şäherini doly öz kontrollygyna geçirdi we UNESCO-nyň Dünýä mirasynyň sanawyna girizilen gymmatbaha arhitektura mirasynyň ýerleşýän bölegine girdi.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy toparyň 21-nji maýda beren maglumatyna görä, häzirki wagtda “Yslam döwleti” atly ekstremist topar Siriýanyň territoriýasynyň takmynan ýarysyna kontrollyk edýär.

Gürrüňi edilýän synçy topar Siriýadaky režimiň goşunlary Palmyrdaky we onuň töweregindäki pozisiýalardan, şol sanda aňtawçylaryň ýerleşýän galasynyň, harby howa bazasynyň we türmäniň çäklerinden yza serpikdirildi diýýär. Şeýle-de, maglumatda bu wakanyň dowamynda bolan çaknyşyklarda hökümete tarapdar azyndan 100 söweşijiniň öldürilendigi habar berilýär.

Palmyranyň arhitektura galyndylarynyň aglabasy I-II-nji asyra degişli bolup, şol döwür bu region Rim imperiýasynyň agalygyndady. Palmyra arhitektura mirasy strategik taýdan ähmiýetli gündogar-günbatar ugrunyň golaýynda ýerleşýär.

“Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Yragyň territoriýasyndaky arheologik galyndylaryň ýerleşýän sebitinde ençeme arhitektura mirasyny ýumurdy. Häzirki wagtda bu toparyň söweşijileriniň Palmyra arhitektura galyndylaryny ýumurmagyndan alada edilýär.

XS
SM
MD
LG