Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Ladeniň 3 garyndaşy uçarda öldi


Saud Arabystany «Al-Kaýdanyň» ýogalan lideri Osama bin Ladeniň üç garyndaşynyň Angliýada hususy uçar heläkçiliginde ýogalandygyny aýdýar.

Angliýadaky saud ilçisi, şazada Mohammed Bin Nawaf Bin Abdel-Aziz 1-nji awgustda Saud Arabystanyndaky esasy gurluşyk kompaniýasynyň eýesi bolan baý maşgala gynanç bildirdi.

Ol ýogalanlaryň kimdigini aýtmady. Emma Saud Arabystanynyň Al-Arabiýa telewideniýesi ölenleriň atlaryny yglan etdi.

Polisiýa hadysada üç ýolagçynyň we pilotyň heläk bolandygyny aýtdy.

Hususy uçar 31-nji iýulda Londonyň 65 km uzaklygyndaky aeroporta ýykylyp, ot-ýalna gaplanypdyr. Ol uçar Milandan gelýän eken.

Osama bin Ladeniň kakasy Mohammed bin Laden hem 1967-nji ýylda, Saud Arabystanynda bolan uçar heläkçiliginde ölüpdi.

XS
SM
MD
LG