Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 4 adam öldürildi


Owgan resmileri paýtagt Kabulda we Logar welaýatynda 9-njy oktýabrda bolan aýry-aýry hüjümlerde dört graždanyň öldürilendigini, ýedisiniň bolsa ýaralanandygyny aýdýarlar.

Logaryň gubernatory Halim Fidai öldürilen üç, ýaralanan dört graždanyň hökümet güýçleri bilen «Talyban» hüjüminiň arasynda galandyklaryny aýdýar.

Fidai hökümet güýçleriniň Baraki Barak etrabyndaky metjidiň golaýynda harby operasiýa geçirýän mahallary gabawa düşendiklerini gürrüň berdi.

Şu aralykda Kabulda polisiýa üç bombanyň partladylandygyny we bir adamyň ölendigini, üç adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG