Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biziň materiallarymyzy ulanmak üçin rugsat alnyşy

RFE/RL-iň materiallaryny ulanmak üçin rugsat alnyşy

Makalalary göçürmek, audionyň we wideonyň ulanylyşy

RFE/RL öz websaýtynda neşir edilen tekstleriň başgalar tarapyndan gaýtadan ulanylmagyny, neşir edilmegini we ýaýradylmagyny goldaýar. Şeýle-de, biz RFE/RL-iň materiallarynyň websaýtlarda, elektron abuna sanawlarynda, habar toparlarynda we maglumat bazalarynda göçürilip goýulmagyny-da goldaýarys. Emma, RFE/RL-iň maglumatlaryny satmaklyk berk gadagandyr.

RFE/RL-iň maglumatlary ulanylanda, biz siziň şu aşakdakylary görkezip, RFE/RL-iň awtorlygyny nygtamagyňyzy soraýarys:

* makalanyň azathabar.com saýtdaky hemişelik çelgisini görkeziň,

* her bir makala bilen birlikde şu maglumaty görkeziň:

Copyright (c) 2016. RFE/RL, Inc. Reprinted with the permission of Radio Free Europe/Radio Liberty, 1201 Connecticut Ave., N.W. Washington DC 20036.

Eger makaladan bir bölegi ulanýan bolsaňyz, onuň makaladan bölekdigini görkezmegiňizi hem-de manylary, atlary we önümiň bitewiligini bozmazlygyňyzy soraýarys. RFE/RL öz maglumatyny ulanmak barada beren rugsadyny islendik wagt yzyna almaga hukuklydyr.

RFE/RL-iň we onuň 18 sany efir gullugynyň internetde ýerleşdirýän janly we arhiwlenen gepleşikleri diňe diňleýjilerimiziň diňlemekleri üçin niýetlenendir. RFE/RL-iň eksperss ýa-da ýazmaça görnüşdäki rugsady bolmazdan, olaryň efire goýberilmegi, efir üçin göçürilmegi ýa-da başga görnüşlerde ulanylmagy gadagandyr.

RFE/RL-iň tekstlerini, suratlaryny, audio ýa-da wideo materiallaryny ulanmak maksady bilen rugsat almak üçin şu e-mail adrese hat ýazyp bilersiňiz: web@rferl.org.

Üçünji tarapyň maglumaty
RFE/RL-iň käbir habarlary «Associated Press», «Roýter», «Frans-Press», ITAR-TASS ýaly daşarky agentlikler («Üçünji tarap») tarapyndan taýýarlanan maglumatlary öz içine alýar. RFE/RL-iň Üçünji tarapyň maglumatyny öz içine alýan islendik bir önümini ulanmazdan ozal, siz diňe bir RFE/RL-den rugsat almak bilen çäklenmän, eýsem Üçünji tarapyň hukuklaryna eýelik edýänlerdenem rusgat almalysyňyz.

Daşarky saýtlara çelgiler
RFE/RL käte özüniň websaýtlarynda RFE/RL-iň özüne degişli bolmadyk adamlaryň ýa-da guramalaryň saýtlaryny salgy berýän çelgileri-de hödürleýär. Öz websaýtlarynda daşarky saýtlara çelgi bermelimi ýa bermeli däldigi baradaky meselede RFE/RL, ozaly bilen, jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýan kommersiýa däl, syýasy partiýalara degişli bolmadyk guramalara artykmaçlyk berýär. RFE/RL bu daşarky saýtlaryň işine gözegçilik etmeýär we olaryň maglumatlaryny, işgärlerini, önümlerini we hyzmatlaryny propogandirlemeýär. Mundan daşary, RFE/RL şeýle saýtlaryň mazmuny, operatorlary, elýeterliligi, ygtybarlylygy, hili, reklamalary, hyzmatlary we beýleki materiallary üçin jogapkärçilik çekmeýär. Şeýle saýtlarda ýerleşdirilen ýa-da olaryň üsti bilen elýeterli bolan maglumatlaryň mazmuny, olardaky önümler ýa-da hyzmatlar sebäpli çekilen ýa-da çekilendir öýdülýän islendik bir zyýan ýa-da ýitgi üçin RFE/RL jogapkärçilik çekip bilmez.

Sitatalaryň stili
RFE/RL-iň materialyny ylmy işler üçin ulanaňyzda, ony sitata görnüşinde almaklygy unutmaň. Sitata ulanmaklygyň düzgünleri bilen tanyşmak üçin şu websaýtlara seredip bilersiňiz:

APA:
Electronic Reference Formats Recommended by the American Psychological Association

Chicago & Turabian:
A Brief Citation Guide for Internet Sources in History and the Humanities (by Melvin E. Page)

General Resource:
Karla's Guide To Citation Guidelines

Maglumat

XS
SM
MD
LG