Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Maýyplardan para soramasalardy..."


Kanuny ýeňillikleri almak üçin para-peşgeşiň böwet bolýandygyny aýdýan ildeşlerimiz hem bar.
Kanuny ýeňillikleri almak üçin para-peşgeşiň böwet bolýandygyny aýdýan ildeşlerimiz hem bar.

Türkmenistanyň kanunlarynda maýyp, ýagny mümkinçiligi çäkli adamlara kanun ýeňillikleri göz öňünde tutulýar. Bu olaryň özlerini jemgyýetiň doly bahaly agzalary hökmünde duýup, gowy durmuşda ýaşap bilmekleri üçin görlen çäreleriň bir bölegidigi aýdylýar.

Şeýle-de Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna geçmegi bilen mümkinçikleri çäkli adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerine has köp üns berlip başlanandygy, olaryň maýyplyk pensiýalarynyň ýokarlandyrylandygy aýdylýar.

Ýöne bu kanuny ýeňillikleri almak, kanunda oz öňünde tutulan kömek-ýardamdan doly peýdalanmak meselesinde para-peşgeşiň böwet bolýandygyny aýdýan ildeşlerimiz hem bar.

Adynyň efirde agzalmagyny islemedik daşoguzly bir ildeşimiz öz gelniniň ýüzbe-ýüz bolan ýagdaýlaryny gürrüň berýär.

please wait

No media source currently available

0:00 0:09:51 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG