Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gelinime türkmen raýatlygy berilmeýär"


Türkmenistanyň pasporty.
Türkmenistanyň pasporty.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow Türkmenistana sapar edýär. Özbek-türkmen gatnaşyklary diýlende, iki ýurduň serhedindäki etrapdyr, obalarda ýaşaýan ilatyň serhedi ýeňillikli düzgünde geçmek we Türkmenistana gelin bolup baran özbek raýatlarynyň türkmen raýatlygyny almak mümkinçilikleri ýaly meseleler ilkinjileriň hatarynda gelýär.

Karimowyň bu saparynyň dowamynda türkmen we özbek liderleriniň bu mesele dogrusynda gepleşikleri geçirip-geçirmändigi barada henize çenli maglumat ýok.

Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlara görä, 2000-nji ýyldan soň Türkmenistana gelin bolup baran özbek raýatlaryna Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmeýandigini käbir lebaply ýaşaýjylar belleýärler.

Şeýle ýaşaýjylardan biri lebaply 53 ýaşyndaky kärendeçi zenan Patma Hudaýbergenowa. Ol bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:32 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG