Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Instagram” sosial ulgamynyň döredijileri öz wezipelerinden çekildi


“Instagram” sosial ulgamynyň döredijileri Kewin Sistrom (Kevin Systrom) we Maýk Kriger (Mike Krieger) öz wezipelerinden çekilýändigini yglan etdi. Olar bu ulgamyň degişlilikde baş ýerine ýetiriji direktory we baş tehniki direktory wezipelerini ýerine ýetirýärdi.

“Reuters” habar agentligi “Facebook” kompaniýasynyň eýeçiligindäki Instagram ulgamynyň Sistromyň we Krigeriň wezipelerinden çekilmegi barada anyk maglumat hem bermeýändigini habar berýär.

Instagramyň duşenbe güni, ýagny 24-nji sentýabrda mälim eden bu habary, “Facebook” kompaniýasynyň eýeçiligindäki WhatsApp messenjer tilsiminiň döredijileriniň biri Jan Koumyň öz wezipesinden çekilýändigini yglan etmeginden birnäçe aý soňa gabat geldi.

Bu aralykda, Facebook-yň esasy platformasy müşderileriň maglumatlaryny goraglylygy meselesi boýunça basyş astyndadyr. Sosial ulgam ýalan-galp maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni almaga synanyşýar.

Sistrom özüniň duşenbe güni ýazna blogunda Kriger bilen bilelikde arakesmä çykyp, dynç almagy we özleriniň “bilesigelijilik we döredijilik ukyplaryny gaýtadan” güýçlendirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

“Bloomberg” neşiriniň maglumatyna görä, mundan öň “Facebook” sosial ulgamynyň baş ýerine ýetiriji direktory Mark Zuckerberg bilen “Instagramyň” dolandyrylyşy babatynda yzygiderli gapma-garşy pikirler döräpdir.

Zuckerberg öz beýanatynda Sistromy we Krigeri “adatdan daşary önümiň liderleri” diýip atlandyrdy.

“Men soňky alty ýylyň dowamynda olar bilen işleşip, olardan köp zat öwrendim we mundan lezzet aldym. Men olara üstünlik arzuw edýärin we olaryň nobatdaky önümine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, Zuckerberg aýtdy.

Belläp geçsek, WhatsApp messenjer tilsiminiň döredijileriniň biri Jan Koum maý aýynda öz wezipesinden çekilipdi. Mundan öň bolsa, “WhatsApp” tilsimini döredijileriň ýene biri Brian Acton wezipesinden çekildi.

XS
SM
MD
LG