Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Fransiýanyň nikap gadagançylygyny ýatyrmagyny talap etdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

23-nji oktýabrda BMG-niň adam hukuklary boýunça komiteti Fransiýanyň musulman zenanlarynyň doly ýüzüni ýapýan baş örtgüsi nikaby gadagan etmeginiň adam hukuklaryny depeleýändigini yglan etdi we munuň esasynda kanuna gaýtadan garalmagyny talap etdi diýip, Reuters agentligi habar berdi.

Komitet bu gadagançylyk jemgyýetçilik howpsuzlygyny we medeniýetleriň bilelikde ýaşaşmagyny üpjün etmek üçin ýagdaýa laýyk zerurlyk däl, diýen netijä geldi.

Fransiýa BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetiniň bu talabyna laýyk çäreleri barada 180 günüň dowamynda habar bermeli bolar.

BMG-niň bu talabyna iki sany fransiýaly zenanyň arz-şikaýatynyň esasynda gelindi. Musulman zenanlar 2012-nji ýylda gadagançylyk baradaky kanuny bozmakda aýyplanypdy.

BMG-niň adam hukuklary boýunça komiteti Fransiýanyň bu musulman zenanlaryň dini ynançlaryna bolan hukuklaryny bozandygy we olary jemgyýetden üzňeleşdirýändigi hakynda karar geldi we olara kompensasiýa tölemegi talap etdi.

BMG-niň talaby rekomendasiýa häsiýetine eýe bolýar, emma Graždan we syýasy azatlyklar hakyndaky halkara ylalaşygynyň ýörite protokoly Fransiýanyň BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetiniň tekliplerine "jogapkärçilikli" çemeleşmegini talap edýär.

Fransiýa jemgyýetçilik ýerlerde nikap geýmegi 2011-nji ýylyň aprel aýynda gadagan edip, Ýewropa Bileleşiginde şeýle gadagançylygy girizen ikinji ýurt bolupdy. Kanuny bozanlara 150-200 ýewro möçberinde jerime garaşýar.

Ýewropa Bileleşiginde musulman zenanlarynyň bedenini we ýüzüni ýapýan geýimlerini birinji bolup Belgiýa gadagan edipdi.

​Şu ýylyň tomsunda nikaby Daniýa we Gollandiýa gadagan etdiler.

Gollandiýada 2019-njy ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýan kanuny bozanlara 400 ýewro möçberinde jerime garaşýar.

Soňky ýyllarda musulman zenanlarynyň bedenini, başyny we ýüzüni örýän geýimleriň jemgyýetçilik ýerlerinde, şol sanda transportda, mekdeplerde, keselhanalarda we döwlet edaralarynda geýmegi gadagan edýän düzgünler şeýle-de Awstriýada, Ispaniýada, Şweýsariýanyň käbir böleklerinde we Kanadanyň Kwebek regionynda girizilipdi.

XS
SM
MD
LG