Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurt diplomlary: Kim näme pikirde?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň üstümizdäki sanynda Türkmenistanda daşary ýurt diplomlarynyň ykrar edilmeginiň tertibine girizilýän täze üýtgeşmeler barada söhbet ediler.

16-njy aprelde Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan ýaýradylýan ýurtda öňdeligi düzýän daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawyny çap etdi; munuň yzýany, 22-nji aprelde 146 sany hünär ugry boýunça daşary ýurt diplomlarynyň ýurtda kabul edilmejekdigi barada maglumat berdi.

Eýsem, bu täze üýtgeşmeleriň aňyrsyndaky mümkin bolan sebäpler nämelerden ybarat? Täze düzgün häzirki wagtda daşary ýurtlarda ýokary bilim alýan türkmenistanly studentlere nähili täsir edýär ýa-da nähili täsir eder?

Biz gepleşigimiziň üstümizdäki sanynda şulara meňzeş soraglaryň töwereginde söhbetdeşlikleri geçirmegi planlaşdyrýarys.

Bu soraglar boýunça daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlar näme pikirde? Bu barada siz hem öz pikir-garaýyşlaryňyzy paýlaşyň! Şeýle gymmatly mümkinçiligi, ýagny öz pikiriňizi aýtmak mümkinçiligini duşuňuzdan geçirmäň! Biz gepleşigimiziň dowamynda, ýeri gelende, bu tema boýunça ýazylan kommentariýalara-da salgylanmagy meýilleşdirýäris!

Biz sizi bu tema boýunça aşakdaky pikir soraşyga gatnaşmaga çagyrýarys!

XS
SM
MD
LG