Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşundaky sütem: Üznüksiz kemsitmeleriň sebäpleri we daýanjy nämede?


Aşgabat. Köçe süpürdilýän esgerler. Arhiw suraty.
Aşgabat. Köçe süpürdilýän esgerler. Arhiw suraty.

Türkmenistan garaşsyz ýurt bolup, milli türkmen goşuny döredilen wagtyndan bäri geçen otuz ýyla golaý wagt içinde goşundaky kemsitmeler, esgerleriň we olaryň komandirleriniň arasyndaky 'eziş ýa agalyk medeniýeti' diýilýän 'açyk syra' öwrüldi. Bu ýagdaý goşunda gulluk etmegiň il arasynda käte iki ýyl türmede bolmak bilen deňelmegine alyp geldi.

Azatlyk radiosy bu ugurdaky maglumatlary yzygiderli çap etmek bilen bir hatarda, mümkin bolan halatynda goşundaky zorluk-sütemleriň pidalary, pidalaryň garyndaşlary, goşunda bolýan we käte esgerleriň atylyp ýa urlup öldürilmegine çenli alyp gelýän hadysalary ýakyndan yzarlaýan ýerli synçylar bilen anonimlik şertinde gürleşip, bu ýagdaýyň sebäplerinini we daýanan reallyklaryny anyklamaga çalyşdy.

Synçylaryň bir bölegi goşundaky kemsitmeleri sowet döwründen gelýän 'ýokanç kesel', sowet ýaragly güýçlerindäki "dedowşina", agalyk medeniýetiniň dowamy hasaplaýar.

Synçylaryň ikinji bölegi bu ýagdaýy türkmen jemgyýetindäki "ýaşuly" medeniýeti, hususan-da öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurtda "hudaý rolunda oýnap, emeldarlary telewideniýede görkezilýän mejlislerde aç-açan kemsitmegi" bilen baglanyşdyrýar.

"Nyýazowyň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, ýetimler öýünde özünden ökdelerden çeken ejirleriniň aryny gol astynda işleýän adamlardan almagy gaty ýokanç boldy, çagalar bagyndan başlap, öz wezipesini başga, goragsyz adamlary kemsitmek üçin ulanjak bolýan emeldar köpeldi" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 70 ýaşly aşgabatly synçy aýtdy.

Onuň pikiriçe, häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem emeldarlary öňünde dyza çökerip, çagalara çenli özüne alkyş aýtdyryp, S.Nyýazowyň "hudaý roluny" dowam etdirmäge synanýar.

Günbatarda ýaşaýan türkmen emigranty Birinji jahan urşundan soň ozalky Osmanly imperiýasynda ýaşan türkleriň soňra uzak wagt Ýewropanyň "hassa adamyna" öwrülişiýaly, öňki sowet giňişliginde "iň ýowuz hasaplanylýan awtoritar dolandyryş astynda galan türkmenleriň post-sowet giňişliginde hassa adama öwrülendigini" öňe sürýär.

Golaýda ozalky esgeriň Azatlygyň "Hormatly Arkadag" rubrikasyna hat ýazyp, öz tejribelerini we pikirlerini paýlaşmagy bu meseläniň nähili ýiti durandygyna ýene bir gezek ünsi çekdi.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gulluk edendigini aýdýan esger "2 yylyň içinde özüni asmaga synanyşan, iňňe ýuwdan, özüni pyçaklan, gaçmaga synanyşan esger gördüm" diýip ýazýar.

"Ene-ata näçe wagt o çagany yetişdirýä? 2 yyl gullukda tutuş zaýalanyp gelyä ol esger. Ertir-birgün uruş bolsa, kim öz yurdy üçin söweşer? Näme üçin hiç kimiň gözüne görnenok bu zatlar? Hemme bilyäkä şulary, näme üçin düzedilenok bu zatlar? NÄME ÜÇIN ESGER ADAM ÝERINE GOÝLANOK BU ÝURTDA?" diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adyny aýtmadyk türkmen esgeri özüne "hormatly Arkadag" diýilmegini gowy görýän prezidentden soraýar.

Emma esgeriň bu soragyna türkmen häkimiýetleri açyk reaksiýa bildirmedi. Synçylar goşundaky sütemiň dowam etmeginiň sebäbini we daýanjyny türkmen häkimiýetleriniň bu ýagdaýy açyk boýun alman, ýaş ýigitleriň goşunda ruhy ýa fiziki taýdan maýyp edilmegine, hatda öldürilmegine hem göz ýumup, "hemme zat gülala-güllük" syýasatyny dowam etdirmeginde görýärler.

Eýsem goşundaky zorluk-sütem we eziş ' medeniýeti', onuň sebäpleri we daýanjy barada siz näme pikir edýärsiňiz? Bize ýazyň, telefon ediň!

XS
SM
MD
LG