Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Russiýada kyn ýagdaýa düşen raýatlarynyň ykbalyna 'göz ýumýar'


Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde wiza nobatyna duran adamlar. Arhiw suraty. 2023 ý.
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde wiza nobatyna duran adamlar. Arhiw suraty. 2023 ý.

Ýerli synçy Azatlyga hat ýazyp, türkmen häkimiýetleriniň Russiýada kyn ýagdaýa düşýän türkmen migrantlary barada hiç zat aýtmazlygyndan nägileligini bildirdi we bu meselede Täjigistanyň edýän işlerine ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, resmi Aşgabadyň Russiýa göçmek şertnamasy bilen baran türkmenistanlylaryň Moskwanyň Ukrainadaky urşuna çekilmegine reaksiýa bildirmezligi türkmen jemgyýetinde uly soraglary döredýär.

Habarlardan mälim bolşy ýaly, Täjigistan golaýda öz raýatlaryna Russiýa syýahat etmekden saklanmagy maslahat berdi. Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň “wagtlaýyn” maslahaty 27-nji aprelde, Moskwada “Crocus City Hall” söwda merkezinde bolan terrorçylykly hüjümden soň, Russiýada ýaşaýan we işleýän merkezi aziýalylara edilýän basyşlaryň barha artýan wagtynda berildi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli aýdynyň aýdylmazlygyny soran synçy bikanun ýagdaýa düşen türkmenistanly migrantlaryň Russiýadan deportasiýa edilişi baradaky habarlaryň diňe migrant maşgalalarynda däl, beýleki adamlaryň arasynda hem dürli soraglary döredendigini aýtdy.

“Turkmen.news” neşiriniň rus metbugatyna salgylanyp ýazmagyna görä, 2-nji aprelde Kursk oblastyndan Türkmenistanyň dört raýaty çykmaly edildi, olara 2 müň rubldan jerime-de salyndy. 8-nji aprelde bir, 17-nji aprelde iki, 20-21-nji aprelde 12 türkmenistanly Russiýadan çykmaly edildi. Neşir bu çäreleriň Türkmenistandan Russiýa gelýän syýahatçylaryň sanynyň barha köpelýän wagtyna gabat gelendigini belleýär.

Türkmenistan Türkiýe bilen aradaky wizasyz gatnaşygy ýatyranyndan soň, Türkmenistandan Russiýa, şol sanda Özbegistana syýahat edýän, söwda, gazanç mümkinçiliklerini gözleýän türkmenleriň has köpelendigi habar berdili. Emma türkmen häkimiýetleri, beýleki ýurtlaryň daşary ýurtlardaky wekilhanalaryndan tapawutlylykda, daşary ýurtlarda kyn ýagdaýa düşen raýatlary barada açyk beýanat çap etmeýärler.

“Tükrmen häkimiýetleriniň soňky bir aýyň dowamynda Russiýadan deport edilen onlarça türkmen barada, şeýle-de Russiýa göçmek şertnamasy bilen baran türkmenistanlylaryň Moskwanyň Ukrainada alyp barýan urşuna gatnaşmaklary meselesinde hiç hili reaksiýa bildirmezligi türkmen jemgyýetinde we internet ulanyjylarynyň arasynda uly soraglary döretdi” diýip, Azatlyga hat ýazan ýerli synçy aýdýar.

Rus habarlaryndan görnüşine görä, türkmen raýatlary möhleti geçen resminamalary sebäpli saklanýar we kähalatda olaryň Türkmenistana dolanmak üçin zerur bolan pulunyň hem ýokdugy, örän kyn ýagdaýa düşendigi belli bolýar. Bu hili ýagdaýlar ozal Türkiýede işleýän türkmenler meselesinde hem bolupdy.

Azatlygyň ozal hem ençeme gezek habar berşi ýaly, daşary ýurtlardaky türkmen wekilhanalary kyn ýagdaýa düşen türkmenlere zerur bolan kömekleri wagtynda we ýeterlik derejede berip bilmeýär. Şu we beýleki ýagdaýlar, ýerli synçynyň pikirine görä, “Türkmenistandan Russiýa göçmek şertnamasy bilen gelen türkmen raýatlarynyň ençemesiniň, rus pasportyny, hemişelik ýaşaýyş rugsatnamasyny almak üçin soňky wagtlarda Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuna meýletin ýazylyp başlamagyna” itergi berýär.

Synçy bu pikirini Başgyrdystana Daşoguz sebitinden gelen doganlaryň, deport edilmezlik üçin, Ukrainadaky urşa meýletin gatnaşmaga baş urandygy barada rus metbugatynda çykan habar bilen delilendirýär, urşa gatnaşan bir türkmenistanla rus pasportynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylyşy barada Krym telewideniýesinde görkezilen reportažy mysal getirýär.

Synçynyň pikiriçe, rus metbugatynda Türkmenistandan göçüp gelen we Ukrainany "milletçilerden azat etmek" isleýän adamlar barada berilýän habarlar bir tarapdan rus propagandasynyň öňki sowet respublikasyndaky täsirini görkezse, iknji tarapdan, ilat arasynda häkimiýetleriň ýurtdaky agyr işsizlik we zähmet migrasiýasy meselesinde eýelän ‘boýun almazlyk’ pozisiýalary diňe migrant maşgalalarynda däl, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda hem uly soraglary, nägilelikleri we çekişmeleri döredýär.

Türkmenistan diňe migrant işçileriniň däl, eýsem öz puluna daşary ýurtda okap, erteki gün ýurduň ykdysadyýetine uly goldaw boljak studentleri barada hem ýeterlik alada etmezlikde tankyt edilýär.

Russiýanyň Woronež şäherinde okaýan türkmen studentiniň sözlerine görä, soňky döwürdäki dartgynly ýagdaýlar bilen baglylykda, Türkmenistanyň awtoritar goňşularynyň ählisi ozaly öz studentleriniň okuwlaryny öz ýurtlaryna geçirip, soňra hukugy bozulan migrantlarynyň aladasyny edýär.

“Türkmen konsulhanalary türkmen talyplarynyň Russiýada milli eşik geýip, tans edip, aýdym-saz, sport çärelerine işjeň gatnaşýandygy baradaky habarlary bermäge ökde, emma öz raýatlarynyň howpsuzlygy bilen bagly meselelere hiç hili teswir bermeýär. Bu bir baryp ýatan masgaraçylyk" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen student aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, Russiýanyň Ukrainada alyp barýan agressiw urşy Türkmen medeniýetiniň Moskwadaky jemgyýeti tarapyndan hem “ukrain milletçilrine garşy alnyp barylýan söweş hereketi” hökmünde düşündirilýär. Bu jemgyýetiň wekili Gulýa Tekaýewa 4-nji aprelde öz facebook sahypasynda şu ýylyň 25-nji ýanwarynda Ukrainada wepat bolan türkmenistanly Aşyrmämmet Berdiýewiň Russiýanyň Gahrymany diýen ada mynasyp bolandygyny habar berip, oňa guwanýandygyny aýtdy.

Azatlyga hat ýazan ýerli synçy resmi Aşgabadyň bir tarapdan, Russiýanyň hereketleri bilen bagly bolan ýagdaýynda, öz bitaraplyk syýasatynyň ýörelgeleriniň bozulmagyna göz ýumýandygyny, ikinji tarapdan bolsa, Ukrainada galan türkmen studentlerini halkara çaknyşyklaryna gatnaşmakda aýyplap, interpol arkaly yzarlaýandygyny öňe sürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG