Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda şahsy ulag polisiýa işgärini kakdy, ofiser heläk boldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda bir şahsy ulag ýol polisiýa işgärini kakyp, öldürdi. 27-nji apreldäki ýüze çykan hadysa şaýat bolan ýaşaýjylaryň biri, 5-nji maýda bu barada Azatlyga gürrüň berdi.

“Paýtagtyň ‘10 ýyl abadançylyk’ köçesiniň ugrunda ‘Toyota’ kysymly şahsy bir ulag, ýokary tizlikde polisiýa işgärini kakýar. Ulag 10 metr aralygy geçip saklanýança, polisiýa onuň aşagynda süýrelipdir. Ýolda adamyň et bölekleri, ýyrtylan polisiýa formasy ýatyrdy. Şahsy ulagyň başynda bolan, 20 ýaşlaryndaky oglan aljyraňňly ýagdaýda kimdir birlerine jaň edip, ‘Adam kakdym, geliň. Indi okuwdanam çykararlar’ diýip, tolgunyp gürleýärdi” diýip, söhbetdeşimiz şaýat bolan wakalaryny gürrüň berdi.

Azatlyk pajygaly bu ýol hadysanyň başga jikme-jiklerini, şol sanda sürüji oglanyň soňky ykbalyny häzirlikçe anyklap bilmedi. Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden bu barada goşmaça maglumat almak başartmady.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň çäginde hasaba alynýan ulag hadysalary we olaryň ýol açýan netijeleri barada hasabat bermeýär. Ministrligiň garamagyndaky edaralar hem, ýol-ulag hadysalary boýunça statistiki maglumatlary çap etmeýärler.

Berk döwlet gözegçiligindäki resmi media hem, ýurtda adam pidalaryna getirýän ulag heläkçilikleri barada asla maglumat bermeýär.

Ýöne Azatlyk we garaşsyz neşirler ýurtda bolýan ýol-ulag hadysalary barada yzygiderli habar berýärler. Geçen ýylyň dowamynda diňe Azatlygyň habar beren ýol hadysalarynda azyndan 60 çemesi adam heläk boldy, onlarça adam şikeslendi.

XS
SM
MD
LG