Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Ukraina kömek bukjasyna gol çekip, ýaraglaryň basym gelip başlajakdygyny aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, Senat tarapyndan kabul edileninden birnäçe sagat soň, gijikdirilen harby kömek bukjasy baradaky kanun taslamasyna gol çekdi we ABŞ-nyň berýän harby kömeginiň ýakyn birnäçe sagatda ýene Ukraina tarap akyp başlajakdygyny aýtdy.

"Amerika Ukrainanyň söweşini dowam etdirip bilmegi üçin zerur zatlary iberer" diýip, Baýden 24-nji aprelde kömek kanunyna gol çekeninden soň Ak tamdan eden çykyşynda aýtdy.

Baýden bu kömek bukjasy Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň Ukrainany rus goşunlaryna garşy alyp barýan söweşinde doly goldaýandygyny görkezdi diýdi we, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini nazarda tutup, bu kanunyň tassyklanmagynyň "biziň Putine garşy durýandygymyzy" görkezmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.

Öňümizdäki birnäçe sagadyň dowamynda howa goranyş ýaraglaryny, artilleriýa ýaraglaryny, raketa ulgamlary we sowutly ulaglary iberip başlarys" diýip, Baýden ýükleriň haýal etmezden iberilip başlanmagyna esewan boljakdygyny aýtdy.

Döwlet departamenti 24-nji aprel güni giçlik Birleşen Ştatlaryň Ukraina öz çäginde ulanmak üçin ATACMS diýlip atlandyrylýan uzak aralyk raketa ulgamlaryny iberendigini we bu ýaraglaryň şu aýda ýurda eltilendigini tassyk etdi.

Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wedant Patel žurnalistlere goşun taktiki raketa ulgamynyň, gysgaça ATACMS-iň Baýdeniň görkezmesi esasynda iberilendigini aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Baýdeniň geçen ýylyň aýagyndan bäri Kongresde saklanan we gaty zerur harby kömege rugsat berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

"Her kim näme diýse-de, biz adamlaryň janyny rus hüjümlerinden goramak üçin zerur bolan goldawlary alýarys" diýip, Zelenski X-da aýtdy. “Soňky birnäçe günüň dowamynda biz öz amerikan dostlarymyz bilen ähli drejelerde işleşip, bu bukja öz söweşijilerimize zerur bolan anyk ýarag görnüşleriniň goşulmagynyň aladasyny edýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Baýden bu bukjanyň "diňe bir ukrain howpsuzlygyna däl, eýsem Ýewropanyň howpsuzlygyna”, şol sanda amerikan howpsuzlygyna goýlan maýadygyny aýtdy.

Ol, eger-de Kongres tijenip, Ukraina üçin zerur bolan kömegi bermedik bolsa, bu ýagdaý NATO-a nädogry signal ibererdi diýdi. Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy giň gerimli çozuşyna başlaly bäri, Birleşen Ştatlar birleşdirmek, güýçlendirmek we giňeltmek üçin işleýär diýip, Baýden aýtdy.

"Göz öňüne getirip, häzir tijenip, Ukrainany goldamaga derek sowsuzlyga uçran bolsak, nähili bolardy. Gazanylan üstünlikleriň ählisi çagşap başlardy. NATO-nyň agzybirligi gowşardy. Milli howpsuzlygymyz gep-gürrüňsiz pese gaçardy" diýip, president aýtdy.

Baýden 23-nji aprel güni giçlik, ABŞ-nyň Senaty kanun taslamasyny aňsatlyk bilen tassyklandan soň çykyş etdi. Bu kanun taslamalary Wekiller öýünde birnäçe aýlap saklandy, ýöne palatanyň respublikan ýolbaşçylary geçen hepde olaryň sese goýulmagy üçin zerur bolan çäreleri görmek kararyna geldiler. Netijede, bu kanun taslamalary 20-nji aprelde kabul edilip, soňra Senata iberildi.

Tassyklanan kanun taslamalary Ukraina üçin 61 milliard dollarlyk, Ysraýyl üçin 26 milliard dollarlyk we Hindi-ýuwaş ummanynda “kommunistik Hytaýa garşy” durmak üçin 8,12 milliard dollarlyk kömek bukjasynyň berilmegini üpjün edýär.

Dördünji kanun taslamasy bolsa, TikTok sosial media programmasy üçin bolup biljek gadagançylygy, ele salnan rus emläklerini Ukraina geçirmek çärelerini we Eýrana garşy täze sanksiýalary öz içine alýar.

Senat köpçüliginiň lideri Çak Şumer (Demokrat-Nýu-Yorkork) çekişmeler wagtynda, Kiýewiň öz territoriýasyny gorap saklamakda esasan ABŞ kömeginiň gijikmegi sebäpli çekýän kynçylyklaryna salgylanyp, senatdaky kärdeşlerini bu kanunlary kabul etmäge çagyrdy.

"Bu taryhdaky öwrülişik pursady. Günbatar demokratiýasy, megerem, Sowuk uruş gutaraly bäri öz öňündäki iň uly howp bilen ýüzbe-ýüz boldy" diýip, Şumer aýtdy.

Şumer Ukraina berlen kömek tassyklanandan soň guralan metbugat ýygnagynda munuň "Kongresiň Amerikanyň howpsuzlygyny we Günbatar demokratiýasynyň howpsuzlygyny goramak üçin uzak wagtyň dowamynda gören iň möhüm çäreleriniň biri" bolandygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG