Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýa Russiýanyň 2014-nji ýyldaky ok-däri ammarynda bolan partlama bilen ilteşiklidigini tassyklady


Wrbetisede polan partlama. 11-nji dekabr, 2014 ý.
Wrbetisede polan partlama. 11-nji dekabr, 2014 ý.

Çehiýanyň polisiýasy 2014-nji ýylda ýurduň gündogaryndaky Wrbetise obasyndaky ok-däri ammarynda bolan partlamanyň arkasynda Russiýanyň harby aňtaw gullugynyň (GRU) agentleriniň durandygyny tassyklady. Partlamada iki işgär heläk bolupdy.

2021-nji ýylda Praga partlama bilen ilteşikli Moskwany aýyplady we birnäçe rus diplomatyny ýurtdan çykardy. Moskwa özüniň dahyllydygyny inkär etdi.

Çehiýa partlama iki rus raýatynyň ilteşiklidigini aýtdy, şeýle-de olaryň Britaniýanyň 2018-nji ýylda Angliýada russiýaly goşa-agent Sergeý Skripalyň we onuň gyzynyň zäherlenmegine gatnaşmakda aýyplan şahslardygyny hem belledi.

XS
SM
MD
LG