Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň polisiýasy “Daşary ýurt agentleri” kanunyna gahary gelen protestçileri dargatdy


 Tbilisi, 1-nji maý, 2024.
Tbilisi, 1-nji maý, 2024.

Gürjüstanyň polisiýasy öten agşam, Günbataryň munuň Gürjüstanyň Ýewro-Atlantik guramalaryna goşulmak tagallalaryna ýetirjek zyýany barada eden duýduryşlarynyň arasynda, parlamentiň gapma-garşylykly daşary ýurt täsiri kanun taslamasyny öňe sürmegine garşy birnäçe hepde bäri dowam edýän köpçülikleýin protestleri basyp ýatyrmak üçin suw toplaryny, göz ýaşardyjy gazlary we rezin taýaklary ulandy.

Kanun çykaryjylaryň bu kanun taslamasyna ikinji okaýyşda 83 deputatyň goldamagynda, 23 deputatyň garşy çykmagyna ses bermegi, opposizisiýadaky deputatlaryň parlamentde dörän ýakalaşmalardan soň zaldan kowulmagy we dawaly kanun taslamasynyň üçünçi, soňky okaýyşyna tarap ileledilmegi bilen, Tbilisidäki parlament binasynyň daşynda on müňlerçe adam ýygnansa, habar berilmegine görä, Gürjüstanyň ikinji uly şäheri Batumide hem uly protestçiler topary toplandy.

Dolandyryjy partiýa bu kanuna maý aýynyň ortalaryna gol çekmek isleýändigini aýtdy.

Gürjüstanyň Saglyk ministrliginiň metbugata beren habaryna görä, pitnä garşy polisiýa parlamentiň daşynda toplanan we dargamak baradaky taplaba boýun bolmadyk demonstrantlar bilen çaknyşanda azyndan 11 adam, şol sanda häzir hassahanada bejergi alýan alty polisiýa işgäri ýaralandy.

Sosial mediada ýaýradylan wideolarda ýaralanan demonstrantlaryň beýleki demonstrantlardan ýa-da saglygy goraýyş işgärlerinden ilkinji saglyk kömegini alýan pursatlary görkezilýär.

Demonstrantlaryň köpüsi, 2-nji maý agşamy sagat 5-e çenli parlament binasynyň golaýyndaky Rüstaweli köçesinde galan bir topardan başgasy, ahyr soňunda dargadyldy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti öz beýanynda demonstrantlara garşy ulanylan zorlugy we kanun çykaryjylaryň dawaly kanun taslamasyna beren goldaw sesini ýazgardy we muny Günbatara garşy diýip atlandyrdy.

"Gürjüstanyň hökümetiniň eden beýanatlary we ýüs uran hereketleri bu ýurduň ÝB we NATO agzalygynyň esasyny düzýän demokratik gymmatlyklar bilen bir ýere sygyşmaýar, şunuň bilen birlikde Gürjüstanyň Ýewro-Atlantik integrasiýa ýoluna howp salýar” diýip, beýanatda aýdylýar.

"Birleşen Ştatlar Kreml tarapyndan hyjuwlandyrylan we şu gün irden Gürjüstanyň parlamentinde öňe sürlen "daşary ýurt täsiri" kanunlaryny, hökümet resmileriniň ony kabul etmek üçin ulanan galp beýanatlaryny ýazgarýar" diýip, beýanatda aýdylýar. "Biz gürji halkynyň we olaryň öz seslerini eşitdirmek hukugynyň ýanynda durýarys."

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen hem Gürjüstanyň çatrykda durandadygyny we Ýewropa barýan ýoldaky "ugruny dowam etdirmelidigini" aýtdy.

ÝB-ne agza bolmaga dalaş edýän ýurduň raýatlary özleriniň "demokratiýa berk ygrarlydyklaryny görkezýärler we Gürjüstanyň hökümeti bu habara gulak asmaly" diýip, fon der Leýen aýtdy.

"Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt täsiri baradaky kanun boýunça öz aladalaryny açyk-aýdyň beýan etdi. Gürjüstan halky öz ýurdy üçin Ýewropa geljegini isleýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrell 1-nji maýda ozalky twittered, X-de ýerleşdiren ýazgysynda "demonstrantlara garşy zorlugy" ýazgardy.

"Gürjüstan ÝB-ne dalaşgär ýurt" diýip, ol ýazdy. "Men bu ýurduň häkimiýetlerini ilatyň parahatçylykly ýygnanyşmak hukugyny üpjün etmäge çagyrýaryn".

Şu aralykda, Gürjüstanyň Ýörite derňew gullugy demonstrantlara garşy aşa güýç ulanylmagy boýunça derňew geçirýändigini habar berdi.

1-nji maýdaky demonstrasiýa soňky iki hepdäniň dowamynda dolandyryjy partiýanyň, “Gürjüstan arzuwynyň” öňe süren kanunlaryna garşy geçirilen köpçülikleýin demonstrasiýalaryň iň soňkusy boldy. Bu kanun taslamasyna garşy çykýanlaryň köpüsi ony rus hökümeti tarapyndan başgaça pikirleri basyp ýatyrmak üçin ulanylýan Kreml kanunynyň ‘ekiztaýy’ hasaplaýar.

Tankytçylar bu kanun taslamasyny "Rus kanuny" diýip atlandyrýarlar we dolandyryjy partiýanyň syýasatlaryndan özüni çeke saklaýan prezident Salome Zurabişwili, eger-de garaşylşy ýaly, ýagny üçünji okalyşda resmi taýdan kabul edilse, bu kanuna özüniň weto goýjakdygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, hökümetiň weto hukugyny ýatyrmak üçin sesleri bar we ol muny şeýle etjekdigini aýtdy. Kanun çykaryjylar 30-njy apreldäki mejlisi ses bermezden tamamladylar.

"Anonymous" halkara haker kollektiwi 30-njy aprelde demonstrantlary goldaýandygyny mälim etdi we Gürjüstanyň polisiýasyna "demonstrantlara hüjüm etmek siziň hökümet işgärleriňiziň ählisi baradaky maglumatlaryň ýaýramagyna sebäp bolar" diýip, duýduryş berdi.

Bu topar ozalky Twitterde, X-de ýazan ýazgysynda maglumat bazalaryny we e-poçta habarlaryny döwmek we ýaýratmak haýbatyny atdy we "bu siziň ilkinji we ýeke-täk duýduryşyňyz" diýdi.

Forum

XS
SM
MD
LG