Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hakyna tutma söweşiji bolmakda günäli tapylan bir gyrgyzystanly rus raýatlygyny alar


Askar Kubanyçbek-uulu (arhiw suraty)
Askar Kubanyçbek-uulu (arhiw suraty)

Russiýanyň ýaragly güýçleriniň hataryna goşulany we Ukrainada urşa gatnaşany üçin şertli ýagdaýda ýedi ýyl tussaglyga höküm edilen bir gyrgyzystanla rus raýatlygynyň berilmegine garaşylýar diýip, Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Irina Wolk aýtdy.

Askar Kubanyçbek-uulu rus žurnalistlerine Gyrgyzystany terk edip, soňy bilen hem Gazagystanyň üsti bilen Russiýa aşandygyny aýtdy.

Bişkegiň Birinji maý etrap sudunyň ýanwarda çykaran şertli ýagdaýdaky tussaglyk höküminiň şertlerine görä, ol üç ýyllap dowam etjek synag döwri paýtagty terk etmeli däldi.

XS
SM
MD
LG