Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müňe golaý täjik raýaty Moskwanyň aeroportynda galýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

29-njy aprelde Täjigistanyň Daşary işler ministrligi Moskwanyň aeroportyndaky berkleşdirilen pasport barlag we gümrük düzgünleri sebäpli, 954 täjik raýatynyň howa menzilinde agyr ýagdaýda galýandygyny aýtdy. Bu ýagdaýlar geçen aý Moskwada edilen terror hüjüminden soň bolup geçýär.

Russiýa gelmekçi bolan ýüzlerçe täjik raýatyna ýurda girmek gadagan edilendigi mälim edilýär.

Mundan bir gün öň, Täjigistanyň daşary syýasat edarasy raýatlaryna Russiýa syýahat etmekden saklanmagy maslahat berdi.

Hukuk toparlary Ministrligiň maslahatynyň Moskwadaky söwda merkezine edilen hüjüm bilen ilteşikli 11 täjik raýatynyň saklanmagyndan soň, Russiýada täjiklere garşy çykyşlaryň köpelendigi bilen baglydygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG