Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Odesa edilen rus hüjüminde şikeslenen adamlaryň arasynda çagalar hem bar


Odesanyň sebit häkimi şähere 23-nji aprelde edilen soňky hüjümde birnäçe binada ýangynyň dörändigini aýtdy.
Odesanyň sebit häkimi şähere 23-nji aprelde edilen soňky hüjümde birnäçe binada ýangynyň dörändigini aýtdy.

Ukrainanyň Odesa port şäherine 23-nji aprede irden edilen rus hüjüminde ýedi adam, şol sanda iki çaga şikeslendi diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Oleh Kiper aýtdy. Ol birnäçe binada ýangyn dörändigini sözüne goşdy.

Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary Russiýa tarapyndan Odesa, Kiýew, Mykolaýiw we Çerkasi sebitlerine atylan 16 drondan 15 sanysyny urup ýykdy diýip, howa güýçleri Telegramda beren beýanatynda aýtdy.

Kiýewi nyşan alan ähli dronlar ýok edildi diýip, ukrain paýtagtynyň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Popko Telegram habarynda aýtdy we şäherde adam pidalarynyň ýa-da zyýan çekmeleriň hasaba alynmandygyny sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG