Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek oppozisiýa lideri Abdurahim Pulatow ABŞ-da aradan çykdy


Abdurahim Pulatow 
Abdurahim Pulatow 

Kibernetika alymy, Özbegistanda ilkinji oppozisiýa guramasyny, “Birligi” esaslandyryjylaryň biri bolan Abdurahim Pulatow 78 ýaşynda, ABŞ-da aradan çykdy diýip, Özbegistanyň “Ezgulik” adam hukuklary jemgyýetiniň başlygy Abdurahman Taşanow öz Facebook sahypasynda habar berdi.

1998-nji ýyldan bäri ABŞ-da bosgunlykda ýaşan Abdurahim Pulatow Karimow režimini aç-açan we berk tankytlaýanlaryň biridi.

Pulatow 1945-nji ýylda Daşkent sebitinde dünýä indi. 1962-nji ýylda orta mekdebi, 1968-nji ýylda bolsa Moskwanyň energiýa institutyny gutardy. 1973-nji ýylda doktorlyk dissertasiýasyny goranyndan soň, 1991-nji ýyla çenli Özbegistan Ylymlar akademiýasynyň kibernetika institutynda işledi. 1984-nji ýylda robot we emeli intellekt döretmek meselesi boýunça doktorlyk dissertasiýasyny gorady.

Pulatowyň syýasy karýerasy 1988-nji ýylyň ýazynda, haçanda ol Aral deňzini halas etmek komitetinde bilermen bolup işe başlanda başlandy. Şol ýylyň noýabr aýynda “Birlik” halk hereketi döredildi, Pulatow onuň guramaçylarynyň biri boldy.

1989-njy ýylyň 28-nji maýynda “Birligiň” esaslandyryjy gurultaýy bolup, Abdurahim Pulatow bu hereketiň başlygy wezipesine bellendi. Şondan soň ol 1980-nji ýyldan bäri agza bolan syýasy guramasyndan, SSKP-nyň hataryndan çykýandygyny habar berdi.

1992-nji ýylyň maý aýynda Abdurahim Pulatow “Birligiň”, bu wagta çenli partiýa guramanyň başlyklygyna gaýtadan saýlandy. Şol ýylyň iýun aýynyň aýagynda Abdurahim Pulatowy we “Birlik” aktiwistlerinden ýene birini öldürmek synanyşygy guraldy, netijede ol keselhana ýerleşdirildi.

Abdurahim Pulatow Karimow režiminiň yzarlamalaryndan zeýränip, ilki, 1992-nji ýylda Azerbaýjana, soň bolsa Türkiýä gitdi.

Iki çaganyň atasy bolan Pulatow Türkiýede alty ýyl ýaşanyndan soň, 1998-nji ýylda ABŞ-da syýasy gaçybatalga aldy we ömrüniň soňky 25 ýylyny şol ýerde ýaşady.

XS
SM
MD
LG