Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň ýadro haýbatynyň fonunda Türkmenistan Russiýadaky raýatlarynyň howpsuzlygyna alada bildirýär


Illýustrasiýa suraty. "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň uçary.
Illýustrasiýa suraty. "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň uçary.

Türkmen häkimiýetleri Russiýada howpsuzlyk şertleriniň mundan-da beýläk ýaramazlaşmagyna alada bildirip, bu ýurt bilen arada howa gatnawlaryny wagtlaýyn ýatyrmagy meýilleşdirýär, şeýle-de Russiýada bilim alýan türkmenistanly ýaşlaryň, öz okuwlaryny howpsuz ýurtlara geçirmekleri barasynda tagalla edýär.

“Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasy, Russiýanyň howa giňişliginiň mundan-da beýläk durnuksyzlaşmak ähtimallygy bilen bagly aladalaryň arasynda, bu ýurt bilen arada uçar gatnawlaryny ýatyrmakçy bolýar diýip, Azatlyk Radiosynyň transport pudagyndaky bir çeşmesi aýdýar.

Şol bir wagtda, öňümizdäki günlerde Aşgabat – Kazan we Aşgabat – Moskwa ugurlaryna öňünden bilet satyn alan ýolagçylara degişli gatnawlaryň yza süýşürilýändigi barada habar berilýär.

“Kazan we Moskwa ugurlary boýunça öňünden bilet satyn alan ýolagçylara jaň edilip, uçar gatnawlarynyň wagtynyň häzirlikçe yza süýşürilendigi habar berlip başlandy” diýip, bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Transport pudagyndaky çeşmämiziň sözlerine görä, häkimiýetler bu çäreleri Russiýanyň howa giňişliginiň durnuksyzlaşmagy bilen bagly howatyrlanmalary bilen düşündirýärler.

Bu aralykda, günbatar Balkan welaýatynda ýerli häkimiýetler Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyplaryň hossarlary bilen ýygnaklary geçirip, olaryň okuwlaryny howpsuz ýurtlara geçirmeklerini maslahat berip başladylar.

Şeýle ýygnaklar howpsuzlyk edaralarynyň we migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hem-de häkimlik wekilleriniň gatnaşmagynda 13-nji martda Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirildi.

“Ýerli häkimiýetler öýlän sagat 5:00 töwereklerinde talyplaryň hossarlary bilen ýygnak geçirip, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşygyň has-da çylşyrymlaşmak ähtimallygy barada duýduryş berdiler we şol sebäpden Russiýada bilim alýan talyplaryň ýokary okuwlaryny howpsuz ýurtlara geçirmeklerini maslahat berdiler” diýip, ýygnaga gatnaşan bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, ýygnaklarda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ýaňy-ýakynda geçiren media çykyşlarynyň birinde “ýadro ýaraglaryny ulanmak barada atan haýbatlaryna-da” salgylanyldy.

“Bu urşuň has-da çylşyrymlaşjakdygy barada aladalar beýan edildi. Moskwa eger Ukraina we Günbatar ýurtlaryna garşy ýadro ýaraglaryny ulansa, Günbataryň hem ýadro jogabynyň boljakdygy barada çaklamalar öňe sürüldi. Şeýle ýagdaý ýüze çykan halatynda, biziň Russiýadaky raýatlarymyzyň jan-saglygyna howp abanmagyndan gorkulýar” diýip, ýygnaga gatnaşan bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Wladimir Putin Russiýada 17-nji martda geçirilýän prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda döwlet eýeçiligindäki rus media serişdelerine beren interwýusynda “Russiýanyň özygtyýarlylygy howp astyna düşen halatynda” özüniň ýadro ýaraglaryny ulanmaga taýýardygy barada ýene bir gezek duýduryş berdi.

Bu haýbatlar Türkmenistanda hem aljyraňňylyga we howatyrlanmalara ýol açdy.

“Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasynyň Russiýa bilen arada uçar gatnawlaryny wagtlaýyn ýatyrmak meýilnamalary we ýerli häkimiýetleriň Russiýadaky raýatlaryň howpsuzlygy boýunça ilat arasynda alyp barýan gürrüňdeşlikleri rus prezidenti Wladimir Putiniň ýadro ýaraglaryndan peýdalanmak barada atan haýbatlarynyň yz ýanyna we Russiýada geçiriljek prezident saýlawynyň öňüsyrasyna gabat gelýär.

Türkmenistan Russiýanyň Ukrainadaky çozuşyna başyndan bäri bitarap çemeleşdi – ne çozuşy ýazgardy, ne Ukraina goldaw beýan etdi, ne-de Moskwany goldady.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary mundan ozal ýurtda Russiýanyň agressiw hereketleri boýunça rus propagandasyna eýerilýändigi barada habar berdiler.

Mekdeplerde rus telewideniýesine tomaşa edilmeginiň mugallymlar tarapyndan maslahat berlen halatlary boldy, şeýle-de Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky urşuň rus meýilli şöhlelendirilmegine, Moskwanyň nukdaýnazaryndan çemeleşilmegine ýykgyn edildi.

Azatlyk Radiosy Russiýa bilen arada uçar gatnawlarynyň ýatyrylmak ähtimallygy barada, şeýle-de Russiýada bilim alýan talyplaryň hossarlary bilen geçirilýän ýygnaklar barada degişli edaralardan teswir alyp bilmedi.

Russiýa 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina esassyz goşun girizdi. Şonda Ukrainada bilim alýan türkmen studentleri köplenç öz tagallalary bilen uruş başlanan ýurdy terk etmäge çalyşdy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy mundan ozal, 2023-nji ýylyň tomsunda Moskwa edilen dron hüjümleriniň yz ýany, ýolagçylaryň howpsuzlygyna alada bildirip, Moskwa bilen aradaky uçar gatnawlaryny wagtlaýyn ýatyrdy.

Howa ýollary kompaniýasynyň täzelenen uçuş rejesine görä, 30-njy marta çenli Aşgabat – Moskwa ugry boýunça hepdede bäş gatnaw, Aşgabat – Kazan ugry boýunça üç gatnaw ýola goýlupdyr.

Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda 30 müňden gowrak türkmenistanly talyp bilim alýar. Şeýle-de, soňky ýyllarda rus hökümetiniň hödürleýän “göçüş maksatnamasynyň” esasynda Russiýa göçmäge isleg bildirýän türkmenistanlylaryň sany hem artdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary şeýle maksatlar bilen Aşgabatdaky rus ilçihanasyna ýüz tutýan raýatlar barada ençeme gezek habar berdiler.

Ýöne häzirki wagtda, habarçylarymyz Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde emele gelýän nobatlaryň egsilendigini, ýüz tutmalaryň kemelendigini habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG