Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukraina bilen çagalary alyşmak barada ylalaşyk baglaşandygyny aýdýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Russiýanyň çaga hukuklary boýunça komissary 24-nji aprelde Moskwanyň çozuşy netijesinde göçürilen 50 töweregi çagany çalyşmak barada ylalaşyk baglaşylandygyny yglan etdi, emma ukrain resmisi bu ylalaşygy tassyklamakdan ýüz öwürdi.

Mariýa Lwowa-Belowa 29 çaganyň Ukraina, 19 çaganyň bolsa Russiýa gitmelidigini habar berdi.

Lwowa-Belowa bu ylalaşygyň Dohadaky "ukrain tarapy bilen geçirilen gepleşiklerde" gazanylandygyny aýtdy.

Emma, rus we ukrain resmileri Kataryň araçylary arkaly gürleşen hem bolsa, Ukrainanyň adam hukuklary boýunça komissary Dmitro Lubinets AFP habar gullugyna "bu maglumaty tassyklap bilmejekdigini" aýtdy.

Ukrain resmisi iki ýurduň "bu meselede göni aragatnaşyk saklamaýandygyny" hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG