Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Studentlerden okuw jaýynyň arassaçylygyny saklamak üçin dynç alyş möwsüminde hem pul alynýar


Studentler. Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Studentler. Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň okuw jaýlarynyň studentlerinden pul ýygnalmagy dowam etdirilýär. Tomus dynç alyş möwsümine garamazdan, şu günler studentler okuw jaýyny arassalamak üçin pul tabşyrmaga mejbur edilýärler. Azatlygyň habarçysy paýtagtyň söwda-kooperatiw mekdebindäki ýagdaý barada habar berýär.

Söwda-kooperatiw kollejinde arassaçylygy saklamak üçin töleg talyplara 200 manada, ýagny Merkezi Bankyň kursy boýunça 57 amerikan dollaryna düşýär. Bu pul okuw jaýynyň diňe arassaçylygy üçin niýetlenýär, beýleki hökmany tölegler aýratyn ýygnalýar. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan okuw jaýynyň studenteri we işgärleri gürrüň berdiler.

"Her aý kollejde arassalaýjylary saklamak üçin 200 manat bermeli. Bu binanyň içini we kollejiň howlusyny arassalamak üçin niýetlenýär. Bu pul bilen arassalaýjylar we köçe süpüriji hakyna tutulýar" - diýip, söhbetdeşleriň biri gürrüň berdi.

Arassaçylygy saklamak üçin çykdajylardan başga-da, her aýda studentlerden alynýan tölegleriň uly göwrümli sanawynda kollejiň hojalyk zerurlyklary, döwlet baýdagyny satyn almak, prezidentiň portretini çalyşmak, sport eşikleri we okuw esbaplary ýaly zatlar üçin dürli çykdajylar bar. Mundan başga-da, studentler baýramçylyk, sport we jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmak, şol sanda saglyk ýodasyndan ýöremek bilen bagly transport çykdajylary üçin yzygiderli pul tabşyrmaly bolýarlar.

Şeýle hem gazet-žurnallara ýazylmak, lukmançylyk barlagyndan geçmek üçin her çärýekde pul çykarmaly bolýar. Söwda pudagynyň işgärlerinde we ýöriteleşdirilen bilim edaralarynyň okuwçylarynda lukmançylyk kitaby bolmaly. Aba Annaýew köçesinde ýerleşýän Söwda-kooperatiw mekdebi Söwda we Daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligine degişlidir. Azatlygyň kollejiň wekillerinden kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Kollejde okuw möhleti iki ýyl, bu döwürde studentleriň diňe arassaçylyk üçin tabşyrmaly puly 4800 manada ýetýär, bu resmi kurs boýunça 1371 amerikan dollaryna barabar.

Ýurduň beýleki bilim edaralaryndaky ýagdaý hem şuňa meňzeýär. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we garaşsyz media neşirleri ýurduň uniwersitetlerinde we ýöriteleşdirilen orta okuw jaýlarynda pul ýygnalýandygy barada yzygiderli habar berýärler.

Pul tabşyrmaga orta mekdep okuwçylary, mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin niýetlenen edaralara gatnaýan körpeler we býujet işgärleri mejbur bolýar.

Türkmenistanda döwlet baýramçylyklary, baýdaklar, resmi şygarlar, prezidentiň kitaplary we suratlary, arassalaçylyk we abatlamak işleri, nahal satyn almak we oturtmak, sport çäreleri üçin welosiped we beýleki esbaplary satyn almak, alabaýlar üçin penahana gurmak, daşky gurşawy goramak ýaly maksatlar üçin ilatdan yzygiderli pul ýygnalýar. Oba ýerlerinde býujet işgärleri şugundyr, kartoşka we beýleki oba hojalyk önümçiligini maliýeleşdirýärler, pagta ösdürip ýetişdirmek üçin hem pul berýärler we ýüpek gurçugyny idemek, pile öndürmek işlerine goşant goşýarlar.

Býujet edara-kärhanalarynyň işgärleri bu tutumlar zerarly aýlyklarynyň bir böleginden mahrum bolýarlar. Tutumlar hökmany hasaplanýar we olardan ýüz öwürmek işden mahrum bolmak howpuny döredýär. Şol bir wagtyň özünde, býujet işgärleri aýlyklaryň gijikdirilmegi bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýurtda iň pes aýlyk 1160 manat bolup, Merkezi Bankyň kursy boýunça 331 dollara barabar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG