Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbilisidäki köpçülikleýin protestler, Pasha döwri, asudalykda geçdi


4-nji maýda giçlik müňlerçe adam Pashany, Tbilisidäki parlament binasynyň daşynda, şemleri ýakyp garşyladylar.
4-nji maýda giçlik müňlerçe adam Pashany, Tbilisidäki parlament binasynyň daşynda, şemleri ýakyp garşyladylar.

Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside 5-nji maýda irden hökümete garşy protestler aglaba asuda ýagdaýda geçip, bu gürjüstanlylaryň Prawoslow Pasha baýramyny bellemegine gabat geldi. Mundan ozalky protest çärelerinde howpsuzlyk güýçleri köplenç gazaplylyk bilen hereket edipdi.

4-nji maýda giçlik müňlerçe adam Pashany, parlament binasynyň daşynda, şemleri ýakyp garşyladylar. Munuň ertesi güni çaknyşyklar ýa-da tussag etmeler barada maglumat bolmady.

Birnäçe gün bäri müňlerçe gürjüstanly, häkimiýet başyndaky “Gürji Arzuwy” partiýasynyň hödürleýän “Russiýanyň mysalyndaky daşary ýurt agenti baradaky kanun” diýlip häsiýetlendirilýän taslama garşy çykýarlar. Tankytçylar munuň Kremliň garaşsyz sesleri sem etmek üçin ulanýan kanunçylygyny gaýtalaýandygyny aýdýarlar.

Taslama laýyklykda, eger-de media serişdesi, hökümete degişli bolmadyk ýa-da bähbit aramaýan bir gurama maliýe serişdeleriniň 20%-den köpüni daşary ýurtdan alýan bolsa, onda ol özüni “daşary güýjüň bähbitlerini araýan” bir gurluş hökmünde hasaba aldyrmaly.

XS
SM
MD
LG