Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda Moskwada Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagynyň 79 ýyllygy mynasybetli geçiriljek harby parada gatnaşar. Bu barada Kremliň metbugat gullugy mälim etdi.
Berdimuhamedowdan başga-da hormatly myhman hökmünde parada Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Kubanyň, Laosyň we Gwineý-Bisaunyň prezidentleri hem çagyrylypdyr.
Bu parad Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başlanan giňişleýin çozuşynyň fonunda, Moskwanyň global ýazgaryş we sanksiýalar sebäpli izolirlenen wagtynda geçirilýär. Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyndan soň, 9-njy maýda Gyzyl meýdançada bellenilýän Ýeňiş dabaralaryna gatnaşmak isleýän daşary ýurtly myhmanlar, görnükli adamlar görnetin azaldy.