Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Angliýanyň daşary işler ministrini kabul etdi


 Angliýanyň daşary işler ministri Deýwid Kemeron
Angliýanyň daşary işler ministri Deýwid Kemeron

Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji aprelde Angliýanyň daşary işler ministri Deýwid Kemeron bilen duşuşyp, onuň saparynyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, taraplar ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş häsiýetine eýedigini, söwda ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Nebit-gaz pudagy, oba hojalygy, täze tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde bellenildi, britan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmagy goldanylýar diýip, habarda anyk hiç bir zat aýdylmaýar.

Şeýle-de, resmi maglumata görä, taraplar howanyň üýtgemegi, onuň adamzadyň durmuşyna ýetirýän zyýany bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

D.Kameron Aşgabada Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Mongoliýa edýän saparynyň çäginde bardy.

XS
SM
MD
LG