Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat-Aşgabat otlusyna artykmaç ýolagçy alynmagy bilen bagly ýagdaý ýitileşýär


Otlynyň geçelgelerinde ýatan ýolagçylar (Illýustrasiýa suraty)
Otlynyň geçelgelerinde ýatan ýolagçylar (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda ilatyň otly hyzmatlary bilen üpjünçiliginiň ýagdaýy pes bolmagynda galýar. Lebaply ýaşaýjylar şu günler otly gatnawlaryna göz öňünde tutulandan has köp ýolagçynyň alynmagy bilen bagly tejribäniň ýene ýitileşýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji martda Lebapdan maglumat berdi.

“Otly gatnawlary ýolagçylaryň talabyny ödäp bilmeýär. Türkmenabat-Aşgabat otlusynda kupe wagona bilet satyn alan bolsak-da, umumy wagonda giden ýaly sapar etdik. Otlynyň geçelgeleri hem ýolagçylardan doludy” diýip, ýakynda bu ugur boýunça sapar eden türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlykda otlynyň geçelgelerinde ýatyp barýan adamlary görkezýän suratlaryň ençemesi bar. Ýöne redaksiýa ýaşaýjynyň haýyşy boýunça, howpsuzlyk aladalary sebäpli, olary çap etmekden saklanýar.

Habarçymyz otly wagonlarynda we geçelgelerinde şeýle ýagdaýyň döremegine demirýol wokzalyndaky polisiýa işgärleriniň we otludaky ýolbeletleriň raýatlara artykmaç bilet satmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

“Her kim Internetden bilet satyn alyp bilmeýär ýa-da Internetde biletleriň satylyp gutarandygy aýdylýar. Otly ugramazdan bir sagat öň kassada satylyp başlanýan çäkli möçberdäki biletler hem ýolagçylaryň ählisine ýetmeýär. Sebäbi otly bilen sapar etmek isleýänleriň sany hemişe kän. Onsoň polisiýa işgärleri we ýolbeletler ýolagçylara resmi bahasy 100 manat bolan biletleri 200 manatdan satýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly başga bir lebaply ýaşaýjy bularyň näresmi biletdigini hem belledi.

Ol demirýol resmileriniň hem bu ýagdaýlardan habarlydygyna ynanýandygyny, sebäbi bikanun söwdanyň bu görnüşiniň aç-açan amal edilýändigini we ony raýatlaryň tas hälisiniň bilýändigini hem aýtdy.

Habarçymyz ilat arasynda otly bilen sapar etmek isleýänleriň sanynyň hemişe diýen ýaly köp bolmagyny, ýurtda uçar biletleriniň tapdyrmazlygy ýa-da olaryň näresmi görnüşde has gymmat bahadan satylmagy bilen düşündirýär.

“Uçar biledini takmynan 150 manat bolan resmi bahasyna tapmak kyn. Häzir uçar biletlerini araçylar 1000 manada satýarlar. Soňky döwürde welaýatlaryň arasyndaky gara ýollarda ulag heläkçilikleriniň köpelmegi hem, ilaty otluda sapar etmäge iterýär. Üstesine-de, sebitara hususy taksileriň tölegi azyndan iki-üç esse gymmat bolýar” diýip, habarçymyz belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebabyň Türkmenabat şäherindäki merkezi wokzalyndan resmi teswir alyp bilmedi. Şeýle-de, redaksiýanyň "Türkmendemirýollary" agentliginiň düzüminde ýerleşýän we ýurtda ýolagçy we ýük gatnawlarynyň hyzmatlaryny hödürleýän "Demirýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Hökümet maslahatlarynda transport serişdeleriniň gatnawlarynyň kämilleşdirilýändigi ýygy-ýygydan tekrarlanylýar.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda ilat köpçülikleýin transport serişdeleriniň ýetmezçiligi, hususan-da, uçar we otly biletleriniň ýeter-ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär.

Bu ýetmezçilik uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda we dynç alyş möwsüminde has-da güýçlenýär. Bökdençlikler biletleriň töweregindäki para-berimi hem möwjedýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG