Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň halkara nebitgaz forumy Parižde öz işine başlady


Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabarasyndan bir pursat. Şatlyk şäheri, Mary. Arhiw suraty. 31-nji maý, 2010 ý.
Türkmenistanyň Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabarasyndan bir pursat. Şatlyk şäheri, Mary. Arhiw suraty. 31-nji maý, 2010 ý.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy Fransiýanyň Pariž şäherinde öz işine başlady.

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň “Türkmen Forum” we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guramalaşdyrýan iki günlük halkara forumy Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýasyny çekmegi maksat edinýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylara iberen hatynda bu forumy ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilikler we amatly şertler üçin fransuz hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

“Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny türkmen halkynyň, şonuň bilen birlikde, beýleki sebitleriň halklarynyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar we netijeli işleri amala aşyrýar. Pariž şäherinde geçirilýän halkara forum hem bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine ýardam eder” diýip, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen hatynda aýtdy.

24-25-nji aprelde geçirilýän göçme foruma Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem-de ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Mundan ozal, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara göçme forumy 2023-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG