Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada irki sowuk we gar düşmegi

Ýewropa şu ýyl gyş adatdakydan ir geldi. Günbatar Ýewropada güýçli gar ýagandygy sebäpli, käbir şäherlerde jemgyýetçilik transporty togtadyldy we howa menzillerindäki işler bozuldy. Germaniýanyň köp sebitini güýçli sowuk gurşap aldy hem gar ýagdy. Bawariýanyň paýtagty Mýünhene rekord derejede 40 santimetr gar düşdi, şäheriň jemgyýetçilik ulaglary hakykat ýüzünde togtady diýen ýaly. German neşirleri geçen asyryň 30-njy ýyllaryndan bäri şeýle sowuk howanyň bolmandygyny ýazdylar. Noýabr aýynyň ahyrynda, Gündogar Ýewropanyň köp ýurtlary gar bilen örtüldi. Gara deňizde emele gelen harasat doly ýagmagyna we güýçli ýellere sebäp boldy.


Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG